Dünýä Türkmenleri
Bu gepleşikde türkmenleriň dünýägaraýşy, ýaşaýyş medeniýeti we türkmen jemgyýetiniň ösüş ýoly, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada synlary we söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik her hepdäniň ýekşenbe güni efire gidýär.
DT: Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň syýasatdaky ornuna nazar aýalmaga çalyşýar.
DT: Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbaryň 120 ýyllygy bellendi

Şu ýyl Türkmenistanda meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenýär. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň arasynda "özboluşly sungat mekdebine öwrülen" ussat bagşynyň ýubileý toýuna bagyşlanýar.
Diňle: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)

Programmamyzyň nobatdaky sanynda türkmen diliniň käbir häzirki zaman meseleleri, şol sanda dildäki alynma sözleriň millileşdirilmegi ýaly temalar boýunça türkmen dilçisi we ýazyjy Hudaýberdi Hally bilen geçiren söhbetdeşligimiziň ikinji bölegini diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.
DT: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär?

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany häzirki zaman türkmen dilindäki alynma sözleri millileşdirmek boýunça alnyp barylýan tagallalara syn edýär.
DT: Türkmenlerde 'territorial bitewilik' we 'ruhy birlik' ýörelgeleriniň geçen sepgitleri

Programmamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň düşünje dünýäsinde, pikir örüsinde we syýasy gözýetiminde döwletlilik we territorial bitewilik ýörelgeleriniň tutýan ornuna nazar aýlaýar.
DT: Türkmensähra bilen arada serhet çekip, türkmen ilatyny 'emeli diwar bilen böldüler'

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyna bagyşlanýan gepleşikler tapgyry dowam edýär.
DT: Türkmensähra asyrlarboýy türkmenleriň mekan tutan taryhy mesgeni boldy - Abdyrahman Düýeji

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyndan söhbet açýar.
Eýranyň 'türkmen şäherine' etniki türkmen häkim bellendi, ýöne 'demografik inženerçilik' dowam edýär

Programmamyzyň bu sany Eýranda türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan iri şäherleriniň birinde gelip çykyşy boýunça etniki türkmeniň häkim wezipesine bellenmegini, şol bir wagtda, bu ülkede türkmen azlyklarynyň medeni hukuklarynyň basgylanmagynyň dowam etdirilmegi boýunça aladalary üns merkezine çekýär.
DT: Pyragy we Puşkin milli medeniýetlere 'gönezlik' bolmak jähetden birmeňzeş wezipeleri 'ýerine ýetirdi'

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy 2024-nji ýylda at-owazasy jahana dolan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllgyna bagyşlanýan gepleşikler tapgyrynyň ikinji bölümi bilen dowam edýär.
DT: 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň dabarasy dag aşdy

Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atlandyrylan 2024-nji ýyl tamamlanýan mahaly, Dünýä Türkmenleri gündogaryň beýik akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan möhüm ýylyň edebi agramyna syn edýär, bu tema boýunça ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirýär.
DT: Jemgyýetçilik pikirleri dünýä arenasyny ýakyndan 'synlaýar', raýat raýdaşlygy 'ösýär'

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bu sany türkmen jemgyýetinde örňäp barýan raýat raýdaşlygyna we dünýä arenasyndaky wakalary ýakyndan synlaýan jemgyýetçilik pikirlerine gönükdirilýär.
DT: Döredijilik dünýäsi, edebiýat we sungat üzňelikden ejir çekdi - Ýazyjy

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bu sany Türkmenistanda üzňelik astynda döredijilik dünýäsiniň başdan geçiren oňaýsyz tejribelerini üns merkezine çekýär.
DT: Etniki türkmenler öz gonamçylyklaryna häkimiýetler tarapyndan ýykylmak howpunyň abanýandygyny aýdýar

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşigi owgan türkmenleriniň meselerine gönükdirilýär. Gepleşigimize ABŞ-da ýaşaýan asly owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady gatnaşýar.
DT: Türkmen gazynyň söwdasy 'gyzyşýar'

Türkmenistan dünýäde we sebitde özüniň tebigy gaz serişdeleriniň hyrydarynyň köpelýändigini aýdýar. Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýän bu Merkezi Aziýa ýurdunyň ýangyç eksport ugurlaryna nazar aýlaýar.
DT: Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy türkmen-rus gatnaşyklarynyň oktýabr aýy boýunça aý ýazgysyna syn edýär. Bu ugurda soňky hepdelerde bolup geçen wakalara ser aýlaýar, şeýle-de, iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri seljerýär.
DT: Türkmen döwleti 100 ýaşady

27-nji oktýabrda häzirki Türkmenistanyň çäginde Türkmenistan SSR-niň esaslandyrylmagyna göni 100 doldy. Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynyň nobatdaky sany bu möhüm senä bagyşlanýar.
DT: Media serişdeleri bagtyýarlyk wagzynda 'täze taktikalardan' peýdalanýar – ýerli synçy

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany Türkmenistanyň hökümetçi media giňişligindäki täze meýillere syn etmäge çalyşýar.
DT: Sport syýasata gurban edilmeli däl, sport erkin bolmaly – türgen, sport synçysy

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň dostlukly halkara ýaryşynyň duýdansyz ýatyrylmagynyň fonunda türkmen sportuna gönükdirilýär. Gepleşigimize Fransiýada ýaşaýan asly türkmenistanly sport hünärmeni Myrat Gurbanow gatnaşýar.
DT: Halk mejlisi Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky ýadawlygy açyp görkezdi - syýasy synçy

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşigi Aşgabatda geçen soňky halk mejlisiniň fonunda, türkmen syýasatyna onlarça ýyl bäri agalyk edýän doňakçylyga we durgunlylyga nazar aýlaýar, ýöne şol bir wagtda umyt uçgunlaryny görmäge synanyşýar.
DT: Halk Maslahatynyň mejlisinde 'halkyň hakyky meseleleri gün tertibine getirilmedi'

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşigi türkmen paýtagtynda geçen halk mejlisine gönükdirilýär. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.
DT: Dünýä türkmenleriniň maslahaty, türkmen-owgan hyzmatdaşlygy we maýa goýum meseleleri

Programmamyzyň nobatdaky sanynda Dünýä türkmenleriniň ynsanpwerwer birleşiginiň Aşgabatda geçiren duşuşygy barasyndaky täzeligi, şeýle-de ýaňy-ýakynda badalga berlen türkmen-owgan taslamalary hakynda hem-de Türkmenistanyň maliýe gurşawy barasynda taýýarlanan makalalary diňläp bilersiňiz.
DT: 'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilen adamlaryň ykbalyna ünsi çekýän gepleşikler tapgyrynyň jemleýji sanyny diňlemäge çagyrýarys.
DT: 'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilen adamlaryň ykbalyna ünsi çekýän gepleşikler tapgyrynyň nobatdaky sany dowam edýär.
DT: 'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (1-nji bölüm)

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň üç bömünden ybarat nobatdaky ýörite gepleşikler tapgyrynyň 1-nji bölümi 30-njy awgust - Zor bilen ýitirim edilmeleriň halkara gününe bagyşlanýar, zorlukly ýitirilen türkmen tussaglarynyň ykbalyny üns merkezine çekýär.
DT: Owganlaryň durmuş şertleri we azatlyklary 'Talyban' astynda üç ýyl bäri ýaramazlaşýar (2-nji bölüm)

'Talyban' toparynyň Kabulda häkimiýeti ele geçirmeginden soňra aradan geçen üç ýylyň dowamynda owgan halkynyň, şol sanda bu ýurtda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşy nähili özgerdi? Bu sorag boýunça taýýarlanan gepleşikler tapgyrynyň ikinji bölümini dykgatyňyza hödürleýäris.
DT: Owganlaryň durmuş şertleri we azatlyklary 'Talyban' astynda üç ýyl bäri ýaramazlaşýar (1-nji bölüm)

Owganystanda üç ýyl bäri “Talyban” dolandyryjylary höküm ýöredýär. Eýsem, owgan halky, şol sanda etniki türkmenler “Talyban” dolandyryşy astynda nähili durmuşa sezewar boldy? Üç ýylda nämeler üýtgedi, nämeler öňküliginde galdy? Gepleşigimiziň nobatdaky sany owgan türkmenlerine bagyşlanýar.
DT: 'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?

Programmamyzyň bu sany çöl-beýewany bagy-bossanlyga öwürmegine bil baglanan 'Altyn Asyr' türkmen kölüne bagyşlanýar.
DT: Daşary ýurt ÝOJ-larynda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň okuw tejribeleri

Russiýada 30 müňden gowrak, Türkiýede 20 müňe golaý türkmenistanly talyp ýokary bilim alýar. GDA agza ýurtlarda başga-da birnäçe müň türkmenistanly okaýar. Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň okuw we durmuş tejribelerine gönükdirilýär.
DT: Daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistan barada

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany daşary ýurtly syýahatçylaryň Türkmenistandaky tejribelerinden söhbet açýar.
DT: Adalatçynyň täze hasabaty adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili düşündirdi?

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy boýunça türkmen adalatçysynyň taýýarlan soňky hasabatyna gönükdirilýär.
DT: 'Öwrülişikli özgeriş' salgymy bilen sahna çykan syýasy karýera

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynyň syýasat sahnasynda ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri işjeň orun alan Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy karýerasyna nazar aýlaýar.
DT: Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmen-özbek gatnaşyklarynyň soňky ýagdaýy babatynda türkmenistanly synçylaryň möhüm syn-seljermelerini paýlaşýar.
DT: Syýasy doňakçylyk, repressiýa ýadawlygy we 'pyntyklaýan pikirler'

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Türkmenistanda onlarça ýyl bäri dowam edýän “üzňelik syýasatynyň” getiren oňaýsyz netijelerini, şeýle-de soňky wagtlarda ilat arasynda örňeýän erkin pikir alyşma meýilleriniň özboluşly aýratynlyklaryny üns merkezine çekýär.
Demirgazyk Owganystan: Çagalaryň hukuklarynyň we abadançylygynyň durmuş goraglylygy gözgyny ýagdaýda - DT

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Çagalary goramagyň halkara gününde owgan çagalarynyň, şol sanda bu ýurtaky etniki türkmen maşgalalarynda ösüp ýetişýän çagalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine ünsi çekýär.
DT: Soňky sil suwlary häkimiýetleriň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini 'synagdan geçirdi'

Programmamyzyň bu sany Türkmenistanda iki hepde töweregi dowam eden çygly howanyň getiren netijelerinden söhbet açýar.
DT: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär (2-nji bölüm)

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanýan gepleşikler tapgyrynyň ikinji bölümini diňlemäge çagyrýarys.
DT: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.
Myrady: Türkmenleriň sesi bogulýar - DT

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Owganystanda “Talyban” astynda ýaşaýan etniki türkmenleriň täze döwürdäki durmuş aladalaryna we türkmen diasporalarynyň sesiniň sem edilmegine gönükdirilýär.
DT: Harasadyň dördünji ýyl dönümi howanyň global üýtgemegi bilen bagly aladalary ýene bir gezek gozgaýar

Programmamyzyň nobatdaky sany Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda 2020-nji ýylda bolup geçen harasadyň dördünji ýyl dönümine gönükdirilýär.
DT: ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalistiniň 'täze dünýädäki' durmuş tejribeleri

ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady özüniň täze ýurdundaky durmuş tejribeleri barada Dünýä Türkmenleri programmasyna gürrüň berdi.